Ysraýyl goşuny toplanyp, azyk bilen üpjün edilenden soň, olar siriýalylaryň garşysyna çykdylar. Ysraýyllar olaryň garşysynda iki hatar kiçi geçi sürüsi kimin nyzama durdular. Siriýalylaryň goşuny bolsa tutuş düzlügi doldurdy.
Ýoram Ýahuda patyşasy Ýehoşapada habar ýollap, ondan: «Mowap patyşasy maňa garşy uruş turuzdy. Sen meniň bilen Mowabyň garşysyna urşa gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Menem, esgerlerimem, atly goşunymam seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.