Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Muňa garamazdan, Ýoram Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, pis işleri etmekden el çekmedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Муңа гарамаздан, Ёрам Небадың оглы Яробгам ялы Ысрайыла гүнә этдирип, пис ишлери этмекден эл чекмеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 3:3
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu wakadan soň hem Ýarobgam özüniň pis işlerinden el çekmedi. Ol ýene-de seždegählerde ähli halklaryň arasyndan ruhanylar belledi. Ruhany bolmaga isleg bildirenleriň baryny ruhanylyga belledi.


Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».


Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň.


Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.


Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Ýehowaş Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam ony dowam etdirdi.


Ýehogahaz Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günäli ýollaryndan ýöräp, günä etmekden el çekmedi.


Muňa garamazdan ysraýyl halky Ýarobgamyň nesilleriniň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam günä gazanmagyny dowam etdirdi. Aşera buty hem Samariýada galdy.


Ýarobgam Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Menahym Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol bütin ömrüne Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Zakarýa hem atalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Reb Ysraýyly Dawudyň nesilleriniň elinden alandan soň, ysraýyllar Nebadyň ogly Ýarobgamy patyşa etdiler. Ýarobgam ysraýyllary Rebbiň ýolundan azaşdyryp, olara uly günäler etdirdi.


Ysraýyl halky Ýarobgamyň eden günälerini gaýtalady. Rebbiň Öz gullary pygamberler arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyl halkyny huzuryndan ýok edýänçä, olar günä etmekden el çekmediler. Şeýdip, olar öz ýurtlaryndan Aşura sürgün edildiler we olar tä şu güne çenli hem şol ýerdedirler.


Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy.


Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ