Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 3:27 - Mukaddes Kitap

27 Onsoň Mowap patyşasy öz ornuna patyşa boljak nowbahar ogluny galanyň diwarynda ýakma gurbanlygy hökmünde hödürledi. Ysraýyla garşy gahar-gazap möwjedi. Şonuň üçin hem ysraýyllar Mowapdaky söweşi bes edip, öz ýurtlaryna dolandylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Онсоң Мовап патышасы өз орнуна патыша болҗак новбахар оглуны галаның диварында якма гурбанлыгы хөкмүнде хөдүрледи. Ысрайыла гаршы гахар-газап мөвҗеди. Шонуң үчин хем ысрайыллар Мовапдакы сөвеши бес эдип, өз юртларына доландылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 3:27
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür şahalaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi.


Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.


Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Ysraýylyň patyşasy Ahap ýüzüni sortduryp, öz öýüne Samariýa gaharly gitdi.


Mowap patyşasy duşmanlarynyň özünden üstün çykyp barýanyny görende, ýanyna ýedi ýüz sany gylyçly esger alyp, Edom patyşasynyň goşunlarynyň içinden böwsüp geçmekçi boldy, emma bu başa barmady.


Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy!


Reb şeýle diýýär: «Men Mowaby günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki ol Edom şasynyň süňküni ýakyp küle öwürdi.


Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nowbahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?


Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.


onda men ammonlylary ýeňip, yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir. Men şony Rebbe ýakma gurbanlyk edip berjekdirin».


Iki aý geçensoň, ol kakasynyň ýanyna dolanyp geldi. Kakasy gyzy barada eden kasamyny ýerine ýetirdi, ol boý gyzlygyna öldi. Şondan soň ysraýyl gyzlarynyň arasynda


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ