Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 3:25 - Mukaddes Kitap

25 Ysraýyllar bütin Mowabyň galalaryny ýer bilen ýegsan edip, olaryň ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşdan dolduryp weýran etdiler, ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli miweli agaçlaryny çapdylar. Diňe Mowabyň paýtagty Kirharasediň kerpiç diwarlary ýykylman galdy, ýöne sapanly esgerler ony hem gabap, galanyň üstüne hüjüm etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Ысрайыллар бүтин Мовабың галаларыны ер билен егсан эдип, оларың әхли оңат экеранчылык ерлерини дашдан долдурып вейран этдилер, әхли сув чешмелерини бентләп, әхли мивели агачларыны чапдылар. Диңе Мовабың пайтагты Кирхараседиң керпич диварлары йыкылман галды, йөне сапанлы эсгерлер оны хем габап, галаның үстүне хүҗүм этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 3:25
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kakasy Ybraýymyň öz döwründe gullaryna gazdyran ähli guýularyny piliştliler toprakdan dolduryp, gömüp taşladylar.


Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylyp, ol ölenden soň piliştliler tarapyndan gömlen guýulary täzeden gazyp, olary kakasynyň dakan atlary bilen atlandyrdy.


Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.


Siz mowaplylaryň ähli galalaryny, saýlama galalaryny basyp alyp, ähli miweli agaçlaryny çaparsyňyz, olaryň ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşlardan dolduryp weýran edersiňiz».


Mowaplylar ysraýyllaryň düşelgesine gelende, ysraýyllar aýaga galyp, olaryň garşysyna hüjüme geçdiler. Ysraýyllar mowaplylary yzyna kowup çykardylar. Olar Mowaba çozup girip, urşy ol ýerde hem dowam etdirdiler.


Mowap patyşasy duşmanlarynyň özünden üstün çykyp barýanyny görende, ýanyna ýedi ýüz sany gylyçly esger alyp, Edom patyşasynyň goşunlarynyň içinden böwsüp geçmekçi boldy, emma bu başa barmady.


Köp halk toplanyp: «Näme üçin Aşur patyşalary gelip, bol suw tapmalymyşyn?» diýip, ýurduň içinden akyp geçýän ähli çeşmedir akarlary bentlediler.


Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!


Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär.


Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharasediň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň.


Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin, bütin Mowaba dady-perýat ederin, Kirharaset halky üçin ýas tutaryn.


Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär.


Reb maňa: „Mowaplara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“ diýdi.


Abymelek uzynly gün söweşdi we galanyň ilatyny gyryp, galany weýran etdi we ol ýere duz sepdirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ