Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 3:23 - Mukaddes Kitap

23 Olar: «Bu gandyr. Patyşalar öz aralarynda urşup, biri-birlerini öldürendirler. Eý, mowaplylar, geliň, olaryň oljasyny talalyň!» diýip gygyryşdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Олар: «Бу гандыр. Патышалар өз араларында уршуп, бири-бирлерини өлдүрендирлер. Эй, моваплылар, гелиң, оларың олҗасыны талалың!» дийип гыгырышдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 3:23
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mowaplylar ertesi ir bilen turanlarynda, Gün suwuň ýüzüne şöhle saçýardy. Olar garşylaryndaky suwuň gan ýaly gyzyldygyny gördüler.


Mowaplylar ysraýyllaryň düşelgesine gelende, ysraýyllar aýaga galyp, olaryň garşysyna hüjüme geçdiler. Ysraýyllar mowaplylary yzyna kowup çykardylar. Olar Mowaba çozup girip, urşy ol ýerde hem dowam etdirdiler.


Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler.


Ýehoşapat bilen onuň adamlary olaryň oljasyny almaga gelenlerinde, olar ummasyz köp mallar, harytlar, egin-eşikler we gymmatbaha zatlar tapdylar. Olar göterip äkiderden köp olja aldylar, olar olja gaty köp bolandygy üçin, ony üç günläp topladylar.


Duşman diýdi: „Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin. Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn. Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.


Milletleriň baýlygyny tapdy elim, höwürtge tapan ýaly; terk edilen ýumurtgalaryň ýygnalyşy kimin, bütin dünýäni ýygnadym. Ganat kakyp, agzyny açyp, ses çykaran bolmady».


„Belki, olja paýlaşýandyrlar, hersi özüne birki gyzy tutýandyr. Sisera öz olja alan zatlaryndan dürli reňkli geýimler saýlaýandyr, nepis nagyşly geýimlerden meniň üçin saýlaýandyr“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ