Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Emma ol kakasy, ejesi ýaly däldi, çünki ol kakasynyň Bagala diken daşyny aýyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ёрам Реббиң назарында йигренҗи ишлери этди. Эмма ол какасы, эҗеси ялы дәлди, чүнки ол какасының Багала дикен дашыны айырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 3:2
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zimri Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol öz eden günäleri we Ysraýyla etdiren günäleri üçin öldi.


Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!


(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.


Onsoň Ýehu bütin halky ýygnap, olara ýüzlenip şeýle diýdi: «Siz Ahap Bagala wepaly boldy diýip pikir edýänsiňiz, emma meniň – Ýehuwyň Bagala Ahapdan has wepalydygymy görersiňiz.


Amon kakasy Manaşa ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi.


Onsoň Ýehu içeri girip, iýip-içip: «Bu näletlenen aýalyň ugruna çykyp, ony jaýlaň, çünki ol patyşanyň gyzydyr» diýdi.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ