2 Patyşalar 3:19 - Mukaddes Kitap19 Siz mowaplylaryň ähli galalaryny, saýlama galalaryny basyp alyp, ähli miweli agaçlaryny çaparsyňyz, olaryň ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşlardan dolduryp weýran edersiňiz». အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап19 Сиз моваплыларың әхли галаларыны, сайлама галаларыны басып алып, әхли мивели агачларыны чапарсыңыз, оларың әхли сув чешмелерини бентләп, әхли оңат экеранчылык ерлерини дашлардан долдурып вейран эдерсиңиз». အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Soňra ol Ýehowaşa: «Gündogar tarapdaky penjiräni aç» diýdi. Ýehowaş ol penjiräni açdy. Elýaşa Ýehowaşa: «At» diýdi. Ýehowaş atdy. Onsoň Elýaşa Ýehowaşa ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu Rebbiň ýeňiş okudyr, Siriýanyň üstünden ýeňiş okudyr! Sen Apekde siriýalylara garşy urşup, olary iň soňkusyna çenli gyryp ýok etmelisiň».
Ysraýyllar bütin Mowabyň galalaryny ýer bilen ýegsan edip, olaryň ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşdan dolduryp weýran etdiler, ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli miweli agaçlaryny çapdylar. Diňe Mowabyň paýtagty Kirharasediň kerpiç diwarlary ýykylman galdy, ýöne sapanly esgerler ony hem gabap, galanyň üstüne hüjüm etdiler.