Ýa Hökmürowan Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Ýa Hökmürowan Reb, Sen ynsanlar bilen adatça şeýle iş salyşýaňmy?!
Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.
Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.
Ysraýyl patyşasy Ahabyň baştutanlygyndaky ysraýyl goşuny ýörişe çykyp, siriýalylaryň atly goşunynyň we söweş arabalarynyň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi.
Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.
Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýahuda halkyna bu ýerde nejis işleri etmek azlyk edýärmikä? Olar ýurdy zorlukdan doldurdylar, ýene-de Meniň gaharymy getirýärler; seret, burunlaryna çybyk tutýarlar.