Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Emma Ýehoşapat: «Rebden sorap görer ýaly bu ýerde Rebbiň pygamberi ýokmy?» diýdi. Onsoň Ysraýyl patyşasynyň emeldarlarynyň biri: «Şapadyň ogly Elýaşa şu ýerde. Ol Ylýasyň eline suw akydardy» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Эмма Ехошапат: «Ребден сорап гөрер ялы бу ерде Реббиң пыгамбери ёкмы?» дийди. Онсоң Ысрайыл патышасының эмелдарларының бири: «Шападың оглы Эляша шу ерде. Ол Ылясың элине сув акыдарды» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 3:11
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň.


Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy.


Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.


Elýaşa ol ýerden Karmel dagyna gidip, dagdan Samariýa galasyna dolanyp geldi.


Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Wah, Reb bizi, üç patyşany Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.


Ýehoşapat: «Onda Rebbiň sözi bar» diýdi. Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda hem-de Edom patyşalary bile tirkeşip, Elýaşanyň ýanyna gitdiler.


Muňa garamazdan, Ýoram Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, pis işleri etmekden el çekmedi.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Hudaýa ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, olary seniň eliňe berjekdirin» diýdi.


Dawut ýene Hudaýa ýüz tutanda, Ol şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Olaryň daşyndan aýlan-da, balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.


Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».


Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.


Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.


Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:


Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar.


Ysraýyllar Beýtele bardylar-da: «Haýsymyz urşa ilki başlarys?» diýip, Hudaýdan soradylar. Reb: «Ýahuda öňürti başlar» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ