Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 25:3 - Mukaddes Kitap

3 Dördünji aýyň dokuzynjy gününde şäherde açlyk artyp, ýurduň ilaty iýmäge çöregem tapmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Дөрдүнҗи айың докузынҗы гүнүнде шәхерде ачлык артып, юрдуң илаты иймәге чөрегем тапмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 25:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy.


Biraz wagt geçenden soň, Siriýanyň patyşasy Benhadat ähli goşuny toplap, Samariýanyň garşysyna ýörişe çykyp, onuň daşyny gabady.


Gabaw edilen Samariýada elhenç açlyk başlandy. Samariýa halky bir eşegiň kellesini segsen kümüş teňňä, bir şakäse kepderi derisini bolsa bäş kümüş teňňä satdy.


Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.


Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“.


Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.


«Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“.


Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň dördünji aýynyň dokuzy güni şäheriň diwary böwsüldi.


Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn».


Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.


Daşarda gylyç, içerde mergi we açlyk bar; şäheriň daşyndakylar gylyçdan ölerler; içindäkiler açlykdan we mergiden heläk bolarlar.


Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ