Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 24:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ехоякымың патышалык эден дөврүнде Бабыл патышасы Небукаднесар онуң үстүне хүҗүм этди. Ехоякым үч йыллап Бабыл патышасының хызматкәри болса-да, онуң гаршысына гозгалаң турузды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 24:1
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Aşur patyşasy tutuş ýurdy eýeläp, Samariýa bardy we üç ýyllap onuň daşyny gabady.


Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Ýurduň halky Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy alyp, kakasynyň ýerine patyşa etdi.


Ine, siziň ýanyňyzdan gaýdan ýahudylaryň biziň ýanymyza Iýerusalime gelendigini size mälim edýäris. Olar bu pitneçi we pis şäheri täzeden gurup ýörler. Olar binýatlary bejerip, diwarlary bitirip gelýärler.


Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň?


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda (bu Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň birinji ýylydy) Ýermeýa bütin ýahuda halky hakynda Rebbiň sözi aýan boldy.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründe Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs».


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Neriýanyň ogly Baruk Ýermeýanyň dilinden şu sözleri kitaba ýazyp otyrka, Ýermeýa pygamberiň oňa aýdan sözi:


Bu Müsür hakdadyr. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda, Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýewfrat derýasynyň ýakasyndaky Karkemişde Müsür patyşasy faraon Nekonyň goşunyny derbi-dagyn etjekdigi hakyndaky habardyr:


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Töweregindäki milletler oňa hüjüm etdiler; torlaryny ýazyp, ony duzaga düşürdiler.


«Eý, ynsan ogly, pygamberlik et we eliňi çarp. Goý, gylyç iki, hatda üç gezek çapsyn. Bu öldürýän gylyçdyr, köp sanly ynsanlary gyran, olary her ýandan gurşan gylyçdyr.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň daş-töweregini gabady.


Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.


Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdirerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ