Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 23:4 - Mukaddes Kitap

4 Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Багала, Ашера ве әхли асман җисимлерине сежде этмек үчин эдилен гап-гачларың барыны Реббиң ыбадатханасындан чыкармак барада Ёшыя патыша баш руханы Хилкия, икинҗи дереҗели руханылара ве гапы сакчыларына табшырык берди. Онсоң шол гап-гачларың барыны Иерусалимиң дашында, Кидрон дересинде якып, оларың күлүни Бейтеле әкитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 23:4
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň adamlary geçip barýarka, tutuş ýurt nala çekip aglady. Patyşa tutuş goşuny bilen Kidron deresinden geçip, çöle tarap ýola düşdi.


Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy.


Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy.


Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».


Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýdi. Adamlar olaryň baryny tutdular. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürdi.


Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik, ony öpmedik ýedi müň adamy aman galdyraryn».


Şol ýerde olar Bagalyň buthanasyndaky dikme daşy daşary çykaryp, ony kül-owram etdiler.


Sandykda köp kümşüň toplanandygyny görenlerinde, patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, Rebbiň öýündäki bar kümşi sanap, torbalara salyp çekerdiler.


Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.


Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


«Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý.


Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady.


Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy.


Janpenalaryň baştutany baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny Babyla ýesir edip äkitdi.


Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, parçalap, Kidron deresinde ýakdy.


Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýykan seždegählerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal buty üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny janpenalaryň baştutany Babyla ýesir edip äkitdi.


Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz.


Ol maňa ýene: «Eý, ynsan ogly! Olaryň näme edýänini görýärsiňmi? Meni mukaddes öýümden daşlaşdyrjak bolup, ysraýyl halky bu ýerde nejis işler edýär. Indi mundan-da beter nejisligi görersiň» diýdi.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Baryň, Beýtele gidip, günä ediň, Gilgala gidip, ýazygyňyzy artdyryň, her gün ertirine gurbanlyklaryňyzy, her üç günden gazanjyňyzyň ondan birini getiriň.


«Ýahuda, hatda Iýerusalime garşy el galdyraryn, Bagal hudaýynyň gullaryny gyraryn, Butparaz ruhanylary ýok ederin.


Şol wagt ýolbaşçy ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp,


Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler.


Bu zatlary aýdyp bolansoň, Isa şägirtleri bilen Kidron deresinden geçip, ol ýerdäki zeýtun bagyna girdi.


Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ