Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 22:9 - Mukaddes Kitap

9 Onsoň Şapan mürze patyşanyň ýanyna gelip: «Seniň gullaryň Rebbiň öýündäki bar kümşi boşadyp, Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline beripdirler» diýip, bar zady oňa habar berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Онсоң Шапан мүрзе патышаның янына гелип: «Сениң гулларың Реббиң өйүндәки бар күмши бошадып, Реббиң өйүниң ишине белленен баштутанларың элине берипдирлер» дийип, бар зады оңа хабар берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 22:9
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar patyşany çagyranlarynda, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary olaryň ýanyna bardylar.


Şapan mürze patyşa ýene: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň ol kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi.


Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi:


Ýoşyýanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda patyşa Asalýanyň ogly, Meşullamyň agtygy Şapan mürzäni şeýle tabşyryk bilen Rebbiň öýüne iberdi:


Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünden Töwrady tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby oňa berdi, ol hem bu kitaby okady.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahudada galdyran halkynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkimlige belledi.


Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi.


Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna iberen Şapanyň ogly Elasanyň we Hilkiýanyň ogly Gemarýanyň eli bilen gowşuryldy. Onda şeýle diýilýär:


adam ýollap, Ýermeýany garawulhanadan getirtdiler. Olar Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa ony öýüne äkitmegi tabşyrdylar. Şeýdip, Ýermeýa öz halkynyň arasynda galdy.


Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.


Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky on adam turup, Babyl patyşasynyň ýurduň üstünden bellän häkimi Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdi.


Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ