Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 22:4 - Mukaddes Kitap

4 «Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 «Баш руханы Хилкияның янына бар-да, оңа гапы сакчыларының халкдан йыгнап, Реббиң өйүне гетирен күмшүниң барыны сана дий.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 22:4
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň.


Goý, her bir ruhany şu hazynadarlaryň birinden kümüş alsyn-da, ony Rebbiň öýüniň bejerdilmeli ýeri bar bolsa, şony bejertmek üçin ulansyn».


Olar patyşany çagyranlarynda, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary olaryň ýanyna bardylar.


Ahytubyň gowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, Sadogyň çowlugy, Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly, Hudaýyň öýüniň ýolbaşçysy Azarýa;


Kora urugyndan bolan Ebiýasabyň agtygy, Koreniň ogly Şallum we onuň kowumdaşy koralar hem ata-babalarynyň Rebbiň mesgenine derwezebançylyk edişleri ýaly, Rebbiň mukaddes çadyryna derwezebançylyk etdiler.


Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.


Derwezebanlar Akup, Talmon we onuň derwezeleri saklaýan doganlary bir ýüz ýetmiş ikidi.


Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ