Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 22:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ёшыя Реббиң назарында догры ишлери этди. Ол сага-сола совулман, атасы Давудың ёлларындан йөреди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 22:2
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň nazarymda dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin.


Asa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.


Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.


Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa beýik, sadyk söýgiňi görkezdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň.


Muňa garamazdan, seždegähler ýykylmandy. Halk entek-enteklerem şol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etse-de, atasy Dawut ýaly däldi. Ol kakasy Ýowaşyň eden işleri ýaly işler etdi.


Ahaz patyşa bolan mahaly ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawudyň yzyna eýermän, öz Hudaýy Rebbiň nazarynda nädogry işleri etdi.


Hizkiýa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.


Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi. Ýehoşapat Bagaly agtarman, kakasynyň Hudaýyny agtardy, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.


Ol atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.


Hizkiýa bütin Ýahudada şeýle etdi. Ol Hudaýy Rebbiň öňünde oňat, dogry we hak iş etdi.


Ýoşyýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi.


Hatda çaga hem eden işiniň päkdigini ýa dogrudygyny öz hereketi bilen aýan edýär.


Amonyň ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalyk sürýän döwründe Kuşynyň ogly, Gedalýanyň agtygy, Amarýanyň çowlugy, Hizikiýanyň ýuwlugy Sepanýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň.


Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ