Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 22:14 - Mukaddes Kitap

14 Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шейдип, Хилкия руханы, Ахыкам, Акбор, Шапан ве Асая дагы Хулда атлы пыгамбер аялың янына гитдилер. Хулда эгин-эшик сакчысы Хархасың агтыгы, Тикваның оглы Шаллумың аялыды. Ол аял Иерусалимиң икинҗи бөлүминде яшаярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 22:14
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehu Bagala sežde edilende geýilýän mukaddes donlary saklaýan ruhana: «Bagala sežde edýänleriň baryna don getirip ber» diýdi. Ol sakçy hem olaryň baryna don getirip berdi.


Hulda olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen adama şeýle diýýär:


Şeýdip, Hilkiýa ruhany we patyşanyň onuň bilen iberen adamlary Hulda atly aýal pygamberiň ýanyna gelip, oňa bu barada gürrüň berdiler. Hulda eşik sakçysy Hasranyň agtygy, Tokadyň ogly Şallumyň aýalydy, ol Iýerusalimiň täze bölüminde ýaşaýardy.


Halkyň galan böleginiň beren zatlary, sekiz ýarym batman töweregi altyn, elli sekiz batman kümüş we altmyş ýedi laý ruhany eşiginden ybarat boldy.


Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.


adam ýollap, Ýermeýany garawulhanadan getirtdiler. Olar Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa ony öýüne äkitmegi tabşyrdylar. Şeýdip, Ýermeýa öz halkynyň arasynda galdy.


Ýöne sen, eý, ynsan ogly, öz-özlerinden pygamberlik edýän halkyň gyzlaryna tarap ýüzüňi öwür-de, olara garşy pygamberlik et.


Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.


Reb şeýle diýýär: «Şol gün Balyk derwezesinden ahy-nala, şäheriň täze böleginden dady-perýat, baýyrlardan güňleç ses eşidiler.


Ol ýerde segsen dört ýyldan bäri dul ýaşaýan Hanna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer tiresinden Panuýeliň gyzydy. Ol durmuşa çykandan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşaşyp, dul galypdy. Bu aýal hemişe ybadathananyň howlusynda bolup, agyz bekläp, doga okap, gije-gündiz Hudaýa ybadat edýärdi.


Filipiň durmuşa çykmadyk dört gyzy bardy we olar pygamberlik edýärdiler.


Başyny örtmän doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän aýal öz başyny biabraý edýändir. Ol başy syrylan aýal bilen des-deňdir.


Şol döwürde ysraýyllara Lapydodyň aýaly Debora pygamber serdarlyk edýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ