Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 22:13 - Mukaddes Kitap

13 «Baryň-da, tapylan bu kitapdaky aýdylýan sözlere görä meniň üçin, meniň halkym bolan bütin ýahuda halky üçin Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitabyň biziň üçin ýazylan sözlerini berjaý etmediler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 «Барың-да, тапылан бу китапдакы айдылян сөзлере гөрә мениң үчин, мениң халкым болан бүтин яхуда халкы үчин Ребден сораң, чүнки Реббиң бизе гаршы ловлаян газабы гаты гүйчлүдир. Бизиң аталарымыз бу китабың бизиң үчин язылан сөзлерини берҗай этмедилер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 22:13
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Manaşanyň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy.


Emma Ýehoşapat: «Rebden sorap görer ýaly bu ýerde Rebbiň pygamberi ýokmy?» diýdi. Onsoň Ysraýyl patyşasynyň emeldarlarynyň biri: «Şapadyň ogly Elýaşa şu ýerde. Ol Ylýasyň eline suw akydardy» diýip jogap berdi.


Çünki biziň ata-babalarymyz Hudaýymyz Rebbe hyýanat edip, Onuň nazarynda pis işleri etdiler; Rebbi terk edip, Onuň mesgeninden ýüz dönderip, ýeňselerini öwürdiler.


«Baryň-da, meniň üçin Ysraýylda hem Ýahudada galanlar üçin bu tapylan kitapdaky aýdylýan sözler barada Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitapda ýazylan ähli sözlere görä Rebbiň sözüni berjaý etmediler».


Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwradyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe sežde etdiler.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:


Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi? Indi menden asla razy bolmazmy?


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Siz bolsa ata-babalaryňyzdan-da beter pislik etdiňiz. Maňa gulak asman, her biriňiz kesirlik bilen öz erbet niýetleriňiziň yzyna düşdüňiz.


Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr».


Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.


Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik.


Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.


Hudaýymyz Rebbiň sözüne gulak asmadyk, Onuň gullary bolan pygamberler arkaly bize beren kanunlary bilen ýöremedik.


Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur.


Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,


„Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ