Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 21:6 - Mukaddes Kitap

6 Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Манаша оглуны отдан гечирди, гөзбагчылык ве тәлее гарамаклык билен мешгулланды. Ол палчылык, җадыгөйлик билен иш салышды. Ол Реббиң гахарыны гетирип, Онуң назарында көп йигренҗи ишлери этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 21:6
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.


Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi.


Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.


Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.


Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar.


Çagalaryny otda ýakyp, Bagal butuna ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin seždegähler gurdular. Men olara beýle işi buýurmandym, aýtmandym, beýle zat kelläme-de gelmändi.


Butlary üçin çagalarynyň damagyny çalanlaryndan soň, hut şol gün mukaddes öýümi harlamak üçin ol ýere girdiler, ine, Meniň öýümiň içinde şeýle etdiler.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.


Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nowbahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?


Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi.


Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ