Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 21:5 - Mukaddes Kitap

5 Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Манаша Реббиң өйүниң ики ховлусында әхли асман җисимлери үчин гурбанлык сыпаларыны бина этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 21:5
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr pürsünden içki howly gurdy.


Köşgüň howlusynyň töweregindäki haýatlar edil Rebbiň öýüniň içki howlusy we öýüň eýwany ýaly üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr tagtasy bilen örülendi.


Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady.


Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler.


Ýahuda patyşalarynyň ýahuda galalarynyň we Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin bellenen butparaz ruhanylary, şeýle hem Bagala, Güne, Aýa, ýyldyzlara we tutuş asman jisimlerine sadakalar hödürleýän ruhanylary wezipelerinden boşatdy.


Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron deresine çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi.


Manaşa keseki taňrylary we öz goýan oýma butuny Rebbiň öýünden aýyrdy, Rebbiň öýüniň dagyndaky we Iýerusalimdäki ähli gurbanlyk sypalaryny ýumrup, olaryň hemmesini şäheriň daşyna taşlady.


Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.


Ol ruhanylaryň howlusyny, uly howlyny we howlynyň gapylaryny ýasap, olary bürünje gaplady.


Soňra ol meni günortadaky derwezeden içki howla getirdi we günortadaky derwezäni ölçedi; munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.


Onsoň ol meni içki howla, onuň gündogar tarapyna getirdi; derwezäni ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.


Onuň eýwany daşky howla tarap bakýardy; söýeleriniň ýüzünde her ýan tarapdan palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.


Soňra ol howlyny ölçedi; onuň uzynlygy-da, ini-de ýüz tirsek bolup, inedördüldi. Gurbanlyk sypasy bolsa Hudaýyň öýüniň öňündedi.


Içki howlynyň ini ýigrimi tirseklik boş aralygynyň we daşky howlynyň daş ýolunyň arasynda üç gatly biri-birinden beýgelýän eýwanlar bardy.


Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy.


Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.


Onsoň meni Rebbiň öýüniň içki howlusyna getirdi. Ine, Rebbiň ybadathanasynyň girelgesinde eýwan bilen gurbanlyk sypasynyň aralygynda ýigrimi bäşe golaý adam bardy. Olaryň arka tarapynda Rebbiň ybadathanasy, özleri bolsa gündogara tarap bakyp durdular. Olar gündogara tarap bakyp, Güne sežde edýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ