Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 21:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ол Реббиң: «Иерусалимде маңа ыбадат эдилер» диен Реббиң өйүнде бутлар үчин гурбанлык сыпаларыны бина этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 21:4
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.


Gözleriň gije-gündiz: „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit.


Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar.


Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady.


Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýümi-de terk ederin».


Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.


Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty, olaryň patyşalary, han-begleri, ruhanylary, pygamberleri, ýagny ysraýyl we ýahuda halklarynyň bary diňe pislik edip, Meniň gaharymy getirdi. Bu şäheriň bina edilen gününden tä şu güne çenli Meniň gaharymy getirendigi üçin, ony nazarymdan ýok edip taşlajak.


Meniň adym dakylan öýde öz nejis zatlaryny goýup, öýümi murdar etdiler.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler.


Maňa-da şu işi etdiler: şol gün Meniň mukaddes öýümi harama çykardylar, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar.


Butlary üçin çagalarynyň damagyny çalanlaryndan soň, hut şol gün mukaddes öýümi harlamak üçin ol ýere girdiler, ine, Meniň öýümiň içinde şeýle etdiler.


Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ