Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 21:3 - Mukaddes Kitap

3 Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Манаша какасы Хизкияның ёк эден сеждегәхлерини дикелтди. Ол Ысрайыл патышасы Ахабың эдиши ялы, Багал үчин гурбанлык сыпаларыны гуруп, Ашера бутларыны дикди. Ол әхли асман җисимлерине сежде эдип, шолара гуллук этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 21:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.


Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Muňa garamazdan ysraýyl halky Ýarobgamyň nesilleriniň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam günä gazanmagyny dowam etdirdi. Aşera buty hem Samariýada galdy.


Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Eger sen maňa: „Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys“ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň“ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme?


Ol seždegähleri ýok etdi, dikme daşlary ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady, çünki ysraýyl halky şol günlere çenli bürünç ýylana ýakymly ysly tütetgi ýakyp gelipdi. Ol bürünç ýylan Nehuştan diýip atlandyryldy.


Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ol hem Ahabyň maşgalasy ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, çünki Ahazýa olaryň giýewsidi.


Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz diňe bir gurbanlyk sypanyň öňünde sežde edip, şonuň üstünde gurbanlyk ýakyň“ diýip, Rebbe bagyş eden seždegähleri, gurbanlyk sypalaryny ýykan şu Hizkiýa dälmi näme?


Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.


parlaýan Güne garap, asmandaky ajaýyp Aýa bakyp,


«Emma siz Rebbi terk edýänler, mukaddes dagymy unudýanlar, täleý buty üçin saçak ýazýanlar, kysmat buty üçin garyşyk şerap guýýanlar,


Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler.


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Hudaýyňyz Rebbe guran gurbanlyk sypaňyzyň ýanynda Aşera buty hökmünde agaç dikmäň.


Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin.


Şonda olar öz hudaýlaryna gulluk etmekdäki nejis işleriniň hiç birini size öwredip bilmezler we siz Hudaýyňyz Rebbe garşy günä etmersiňiz.


Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ