Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 20:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шол дөвүрлерде Хизкия сыркавлап, өлүм яссыгында ятырды. Амозың оглы Ишая пыгамбер онуң янына гелип: «Реб шейле диййәр: „Өйүңдәкилере весъет эт, чүнки сен өлерсиң, сен бу кеселден гутулмарсың“» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 20:1
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.


Bu eden işiň üçin Reb şeýle diýýär: „Sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“». Şeýdip, Ylýas pygamber özüne berlen tabşyrygy berjaý etdi.


Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler.


Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada eden dilegiňi eşitdim.


Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg etdi:


Reb Musa: «Seniň ölmeli wagtyň golaýlaşdy. Ýeşuwany çagyr-da, ikiňiz hem Maňa ýüz tutulýan çadyra baryň, Men oňa buýruklarymy mälim etjek» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Ýeşuwa ikisi Rebbe ýüz tutulýan çadyra bardylar.


Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.


Dogrudan-da, ol ölüm halynda bolup, tas ölüpdi. Emma Hudaý oňa, diňe oňa däl, eýsem hasrat üstüne hasrat çekmezim ýaly, maňa hem rehim etdi.


Çünki ol siziň maňa edip bilmedik hyzmatyňyzyň öwezini dolmak üçin, janyny howp astyna salyp, Mesihiň işiniň ugrunda tas ölüpdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ