Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Iordan derýasyndan geçenlerinden soň, Ylýas pygamber Elýaşa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Elýaşa: «Seniň yzyňy ýörederim ýaly, maňa öz ruhuňdan iki esse artyk ruh ber» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Иордан дерясындан геченлеринден соң, Ыляс пыгамбер Эляша: «Худайың мени яныңдан алып гитмезинден өң, менден ислән задыңы сора» дийди. Эляша: «Сениң ызыңы йөредерим ялы, маңа өз рухуңдан ики эссе артык рух бер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem Nimşiniň ogly Ýehuwyň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga saýla; Abelmeholadan bolan Şapatyň ogly Elýaşanyň başyna ýag guýup, ony öz ornuňa pygamberlige saýla.


Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»


Dogrudan-da, Hudaý Ysraýyla ýüregi päk bolanlara ýagşydyr.


Eý, Taňry Sen peýda bolan wagtyňda, düýş görüp oýanylan pursatdaky deý, puja çykararsyň hyýallaryny.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.


Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.


Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.


Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler.


Ýöne siz has ulurak peşgeşleri almaga ymtylyň. Indi bolsa size iň gowy ýoly salgy bereýin.


Ol halamaýan aýalynyň ogluny nowbahar oguldygyny boýun alyp, oňa ähli zadyndan iki esse paý bermelidir, çünki ol ogul onuň juwanlyk çagynyň ilkinji miwesidir. Ilkinji ogullyk haky onuňky bolmalydyr.


Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ