Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Ylýas donuny alyp düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi. Olar derýanyň içindäki gury ýerden ýöräp kenara çykdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Ыляс донуны алып дүйрледи-де, онуң билен сува урды. Сув бөлүнип, ики тарапа чекилди. Олар деряның ичиндәки гуры ерден йөрәп кенара чыкдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:8
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas muny eşidende, ýüzüni donuna büräp, daşary çykyp, gowagyň agzynda durdy. Ine, bir ses gelip, oňa: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýdi.


Şeýdip, Ylýas ol ýerden gidip, Şapatyň ogly Elýaşany tapdy. Ol ýer sürüp ýördi. Onuň öňünde on iki jübüt öküz bardy. Elýaşa on ikinji jübütiň ýanyndady. Onuň ýanyndan geçende, Ylýas öz donuny onuň egnine atdy.


Ol Ylýasdan gaçyp galan dony aldy-da, suwa urup: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrdy. Elýaşa dony suwa uran badyna, suw bölünip, iki tarapa çekildi we Elýaşa kenaryň beýleki tarapyna geçdi.


Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.


Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan.


Iman arkaly ysraýyllar Gyzyl deňizden gury ýerden geçýän dek geçdiler. Müsürliler hem geçmäge synanyşyp, gark boldular.


Olaryň käbirini daşladylar, bedenlerini kesip, ikä böldüler, gylyçdan geçirip öldürdiler. Käbiriler goýun we geçi derisini geýip, sergezdançylyk etdiler, mätäçlikde ýaşadylar, zulum astynda yzarlanyp, horluk çekdiler.


Altynjy perişde käsesini beýik Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelýän patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady.


Şawul: «Görnüşi nähili?» diýdi. Aýal: «Egni donly bir garry adam ýerden çykyp gelýär» diýdi. Şondan soň Şawul onuň Şamuweldigine göz ýetirip, ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ