Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Elli adama barabar bolan pygamberler topary-da bular bilen bile gidip, uzagrakda olaryň garşysynda durdular. Ylýas bilen Elýaşa hem Iordanyň kenar ýakasynda durdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Элли адама барабар болан пыгамберлер топары-да булар билен биле гидип, узагракда оларың гаршысында дурдулар. Ыляс билен Эляша хем Иорданың кенар якасында дурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:7
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme?


Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.


Olar Elýaşa: «Ine, gullaryň arasynda elli sany güýçli adam bar. Goý, olar gidip, seniň jenabyň Ylýasy gözlesinler. Belki, Rebbiň Ruhy ony äkidip, dagdyr jülgeleriň birine taşlandyr» diýdiler. Elýaşa olara: «Ýok, olary ibermäň» diýdi.


Emma pygamberler oňa ýalbaryp, ony mejbur edensoňlar, Elýaşa: «Bolýar, iberiň» diýdi. Şeýdip, elli adam Ylýasyň gözlegine çykdylar. Olar ony üç günläp gözlediler, ýöne tapyp bilmediler.


Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady.


Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni seniň ýanyňa iberdi».


Pygamberler topary Elýaşa şeýle diýdiler: «Görşüň ýaly seniň baştutanlygyňda ýaşaýan ýerimiz bize gaty darlyk edýär.


Elýaşa pygamberler toparyndan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git.


Onsoň Amos Amazýa şeýle jogap berdi: «Men pygamber hem däl, pygamberler toparyndan hem däl. Men ýöne bir çopan hem injir agaçlaryna gözegçilik edýän.


Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ