Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Ylýas Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Iordan derýasyna gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi-de bile tirkeşip, ýollaryny dowam etdirdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ыляс Эляша: «Сен шу ерде гал, чүнки Реб маңа Иордан дерясына гитмеги буюрды» дийди. Эмма Эляша: «Ребден ве сениң адыңдан ант ичйәрин, мен сенден галмарын» дийип җогап берди. Шейдип, оларың икиси-де биле тиркешип, ёлларыны довам этдирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:6
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, Yshak birden: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin janly nirede?» diýdi.


Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk janlysy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Beýtele gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Beýtele gitdiler.


Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi.


Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup-daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna,


Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna çala girip, aýaklary suwa degen badyna, sen olara durmaklygy buýur» diýdi.


Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar.


Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal.


Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ