Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ериходакы пыгамберлер топары Эляша голай гелип, ондан: «Сен Реббиң шу гүн җенабыңы яныңдан әкитҗекдигини билйәрсиңми?» дийип сорадылар. Эляша: «Хава, билйәрин, йөне бу барада геплемек исләмок» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:5
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşa hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi.


Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy.


Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.


Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady.


Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni seniň ýanyňa iberdi».


Pygamberler topary Elýaşa şeýle diýdiler: «Görşüň ýaly seniň baştutanlygyňda ýaşaýan ýerimiz bize gaty darlyk edýär.


Elýaşa pygamberler toparyndan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git.


Ýyrtmagyň öz wagty bar, tikmegiň öz wagty; dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty.


«Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň, halklar täzeden güýç toplasynlar, olar ýakyna gelip, geplesinler; höküm üçin bile toplanalyň.


Onsoň Amos Amazýa şeýle jogap berdi: «Men pygamber hem däl, pygamberler toparyndan hem däl. Men ýöne bir çopan hem injir agaçlaryna gözegçilik edýän.


Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!


Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi.


«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Pawlus oňa: «Eý, hormatly Festus, men akylymdan azaşamok. Meniň aýdan sözlerim hakykat we akyla sygýandyr.


Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ