Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Ýeriho gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebbiň we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Ýeriho gitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ыляс пыгамбер Эляша: «Сен шу ерде гал, чүнки Реб маңа Ерихо гитмеги буюрды» дийди. Эмма Эляша: «Реббиң ве сениң адыңдан ант ичйәрин, мен сенден галмарын» дийип җогап берди. Шейдип, оларың икиси биле тиркешип, Ерихо гитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:4
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahabyň döwründe beýtelli Hiýel Ýerihony täzeden dikeltdi. Hiýel onuň düýbüni tutanda, nowbahar ogly Abyramy gurbanlyk etdi. Ýerihonyň derwezelerini oturdanda, ol iň kiçi ogly Seguby gurbanlyk berdi. Şeýdip, Rebbiň Nun ogly Ýeşuwa arkaly aýdan sözi berjaý boldy.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Beýtele gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Beýtele gitdiler.


Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi.


Isa Ýerihonyň içinden geçip barýardy.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Onsoň Reb Ýeşuwa şeýle tabşyrdy: «Ine, Men Ýeriho galasyny we onuň edermen urşujylary bilen birlikde onuň hanyny seniň eliňe berýärin.


Şeýlelikde, Reb Ýeşuwa bilen bile boldy. Ýeşuwanyň şöhraty tutuş ýurda ýaýrady.


Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar.


Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ