Onsoň patyşa ellibaşyny ýanynyň elli adamy bilen Ylýasyň ýanyna ýollady. Ellibaşy bir baýryň üstünde oturan Ylýasyň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa aşak düşmegi buýurýar» diýdi.
Emma Ýehoşapat: «Rebden sorap görer ýaly bu ýerde Rebbiň pygamberi ýokmy?» diýdi. Onsoň Ysraýyl patyşasynyň emeldarlarynyň biri: «Şapadyň ogly Elýaşa şu ýerde. Ol Ylýasyň eline suw akydardy» diýip jogap berdi.