Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:21 - Mukaddes Kitap

21 Elýaşa suw çeşmesiniň başyna bardy-da, duzy onuň içine oklap: «Reb şeýle diýýär: „Men bu suwy tämizleýärin. Mundan beýläk ölüm-de, hasylsyzlyk-da bolmaz“» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Эляша сув чешмесиниң башына барды-да, дузы онуң ичине оклап: «Реб шейле диййәр: „Мен бу сувы тәмизлейәрин. Мундан бейләк өлүм-де, хасылсызлык-да болмаз“» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:21
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa: «Maňa içine duz salnan täze gap getirip beriň» diýdi. Olar oňa içi duzly gaby getirip berdiler.


Elýaşanyň aýdyşy ýaly şol suw tä şu güne çenli hem tämizdir.


Elýaşa: «Maňa un getirip beriň» diýdi. Onsoň ol uny gazana atyp: «Adamlara çorba guýup ber, goý, olar iýsinler» diýdi. Şondan soň gazandaky çorbanyň zäheri aýryldy.


Onsoň Hudaýyň adamy: «Ol nirä gaçdy?» diýip sorady. Ol Elýaşa pygambere paltanyň gaçan ýerini görkezende, Elýaşa bir çybyk kesip alyp, ony edil paltanyň gaçan ýerine oklap, demir paltany suwuň ýüzüne çykartdy.


Siz berýän galla sadakalaryňyza duz sepiň. Çünki duz Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňiziň nyşanydyr. Berýän sadakalaryňyzyň hemmesine duz sepiň.


Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz!


Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berersiňiz? Duz ýaly tagamly boluň, özara parahatlykda ýaşaň».


Onsoň Isa ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasap, ony körüň gözüne sürtdi.


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ