Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Gala adamlary Elýaşa: «Jenabym, görşüňiz ýaly galanyň ýerleşýän ýeri gowy, ýöne onuň suwunyň erbetdigi zerarly ýer hasylsyzlyga sezewar boldy» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Гала адамлары Эляша: «Җенабым, гөршүңиз ялы галаның ерлешйән ери говы, йөне онуң сувуның эрбетдиги зерарлы ер хасылсызлыга сезевар болды» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:19
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahabyň döwründe beýtelli Hiýel Ýerihony täzeden dikeltdi. Hiýel onuň düýbüni tutanda, nowbahar ogly Abyramy gurbanlyk etdi. Ýerihonyň derwezelerini oturdanda, ol iň kiçi ogly Seguby gurbanlyk berdi. Şeýdip, Rebbiň Nun ogly Ýeşuwa arkaly aýdan sözi berjaý boldy.


Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme?


Abadýa ýolda Ylýas pygambere duşdy. Abadýa ony tanap, öňünde baş egip, oňa şeýle diýdi: «Jenabym Ylýas, bu senmisiň?»


Olar Elýaşanyň ýanyna dolanyp geldiler. Şol wagtlar Elýaşa Ýerihodady. Ol pygamberler toparyna: «Men size gitmäň diýmedimmi näme?» diýdi.


Elýaşa: «Maňa içine duz salnan täze gap getirip beriň» diýdi. Olar oňa içi duzly gaby getirip berdiler.


Mara gelenlerinde, olar Maranyň suwundan içip bilmediler. Sebäbi ol ajydy. Şol sebäpli ony Mara diýip atlandyrdylar.


Ýurduňyzda çagasy düşen ýa-da önelgesiz galan bolmaz. Ömrüňizi-de uzak ederin.


Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.


Ber olara, Reb! Näme berersiň? Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber.


Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma.


Ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda ýaşanyňyzda, Reb siziň örňäp ösmegiňizi, mal-garalaryňyzyň artmagyny we topragyňyzyň hasylyny bolluk bilen eçiler.


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz.


Şeýlelikde, Reb Ýeşuwa bilen bile boldy. Ýeşuwanyň şöhraty tutuş ýurda ýaýrady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ