Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Ol Ylýasdan gaçyp galan dony aldy-da, suwa urup: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrdy. Elýaşa dony suwa uran badyna, suw bölünip, iki tarapa çekildi we Elýaşa kenaryň beýleki tarapyna geçdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ол Ылясдан гачып галан доны алды-да, сува уруп: «Ханы, Ылясың Худайы Реб ниреде?» дийип гыгырды. Эляша доны сува уран бадына, сув бөлүнип, ики тарапа чекилди ве Эляша кенарың бейлеки тарапына гечди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Elýaşa Ylýasdan gaçyp galan dony alyp, yzyna gidip, Iordanyň kenarynda durdy.


Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý».


Howsala düşen wagtymda: «Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.


Çünki pena tutunýan Hudaýym Sensiň. Sen näme üçin meni terk etdiň? Duşman meni gysan wagtynda, näme üçin gam-gussaly gezmeli?


Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»


Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Gidegon oňa: «Eý, jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ