Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Elýaşa Ylýas pygambere seredip: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, bar sesi bilen gygyrýar. Şondan soň Elýaşa Ylýas pygamberi hiç haçan görmedi. Elýaşa öz eşiklerini ýyrtyp, ikä böldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эляша Ыляс пыгамбере середип: «Эй, атам, атам! Ысрайылың сөвеш арабалары билен сөвеш арабалы эсгерлери!» дийип, бар сеси билен гыгыряр. Шондан соң Эляша Ыляс пыгамбери хич хачан гөрмеди. Эляша өз эшиклерини йыртып, икә бөлди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 2:12
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.


Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony Öz ýanyna alypdy.


Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady.


Onsoň Elýaşa Ylýasdan gaçyp galan dony alyp, yzyna gidip, Iordanyň kenarynda durdy.


Emma Nagamanyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: «Eý, atamyz, eger pygamber saňa bir kyn iş buýran bolsa, sen ony etmezmidiň? Onuň saňa bar aýdan zady: „Ýuwun-da, tämiz bol“. Bu dagy nämejik?!» diýdiler.


Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Elýaşadan: «Jenabym, bulary gyryp ýok edeýinmi? Bulary öldüreýinmi?» diýip sorady.


Hudaý hatda ýazyklylary-da halas eder, olar seniň elleriň tämizligi üçin gutularlar».


Dogruçyllaryň dileginden şäher belende galýar, erbetleriň dilinden ol weýran bolýar.


Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?


Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.


Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi:


Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada dileg edendigiň üçin,


Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.


Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi.


Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen Ynsan Ogly çykandyr.


Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi.


Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi.


Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular.


Biz ölmän, şol gökdäki mesgenimize şu wagt beslenmegi küýsäp, ah çekýäris.


Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris.


Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol ýokary belentlige çykanda, ýesirleri Özi bilen äkitdi; ynsanlara peşgeşler berdi».


Iki pygamber gökden: «Bäri, ýokary çykyň!» diýýän batly sesi eşitdi. Onsoň olar duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda göge galdylar.


Mika oňa: «Meniň öýümde galyber. Meniň geňeşçim hem ruhanym bolarsyň. Men seniň garnyňy doýraýyn, ýylda bir laý geýim-gejim hem-de on sany kümüş teňňe bereýin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ