Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 19:6 - Mukaddes Kitap

6 Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ишая пыгамбер олара шейле дийди: «Җенабыңыза айдың, Реб шейле диййәр: „Ашур патышасының хызматкәрлериниң Мени кемсидип айдан сөзлерини эшидениң үчин олардан горкма.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 19:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aşur patyşasy serkerdebaşysyny, köşk emeldaryny we wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar Iýerusalime gelip, ýokarky howdanyň arygynyň ýanynda durdular. Bu aryk Çyrpyjy meýdanynyň ýolunda ýerleşýärdi.


Hizkiýa: ‘Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez’ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn.


Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?“»


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde,


Elýaşa: «Gorkma, çünki biziň ýanymyzdakylaryň sany olaryňkydan köpdür» diýip jogap berdi.


Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr.


Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».


Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.


Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Olara şeýle diýdi: «Dilegiňizi mälim etmegim üçin meni Ysraýyl Hudaýy Rebbiň huzuryna iberdiňiz. Ol hem şeýle diýýär:


Bäşiňiz ýüzden, ýüziňiz müňden üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz.


Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir.


Reb Ýeşuwa: «Sen olardan gorkma, sebäbi ertir şu wagtlar Men olaryň ählisini öldürip, ysraýyllaryň eline berjekdirin. Siz olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwüň we arabalaryny otlaň» diýdi.


Ol Hudaýa sögmek, Onuň adyna, mesgenine, gökde mesgen tutanlara sögmek üçin agzyny açdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ