Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 19:4 - Mukaddes Kitap

4 Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan ähli sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Онуң алыхезрети Ашур патышасының иберен баш везириниң дири Худайы масгараламак үчин айдан әхли сөзлерини, белки, Худайың Реб эшидендир; Худайың Реб шол сөзлери үчин олары җезаландырар. Инди аман галан адамлар үчин дилег эт“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 19:4
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)


Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi.


Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy.


Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap, aýdan sözlerini eşit.


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


Çaparlaryň arkaly Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: „Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň çola ýerine, gür jeňňeline girdim.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz dünýä injek bolup duran balasyny dogurmaga mejaly galmadyk aýalyňky ýalydyr.


Ýahuda nesilleriniň gutulyp aman galanlary ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler.


Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“».


Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde,


Onsoň Hizkiýa patyşa bilen Amozyň ogly Işaýa pygamber munuň üçin dileg edip, Hudaýa perýat etdiler.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Emma mundan beýläk Rebden gelen pygamberlik sözüni agzamarsyňyz, çünki her kes öz sözüni pygamberlik sözi diýip saýýar. Şeýdip, siz diri Hudaýyň, Hökmürowan Hudaýymyz Rebbiň sözlerini ýoýduňyz.


„Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“.


Olara şeýle diýdi: «Dilegiňizi mälim etmegim üçin meni Ysraýyl Hudaýy Rebbiň huzuryna iberdiňiz. Ol hem şeýle diýýär:


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.


Şonuň ýaly häzirki wagtda hem Hudaýa sadyk galanlar bar. Olar Hudaýyň merhemetine görä saýlananlardyr.


Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.


Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.


Şoňa görä-de, Rebbiň şol günki aýdan bu daglyklaryny maňa ber. Ol ýerde anaklaryň ýaşaýandygyny, galalarynyň uludygyny we olaryň berk saklanýandygyny şol gün özüň hem eşidipdiň. Rebbiň aýdyşy ýaly, men olary kowup çykararyn, Reb meniň bilen bile bolar».


Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Piliştli: «Men bu gün ysraýyl goşunyna gyjalat berýärin. Meniň bilen tutluşar ýaly adam beriň» diýdi.


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ