Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 18:7 - Mukaddes Kitap

7 Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Реб онуң биленди. Хизкия нирә гитсе-де, онуң иши оңуна болды. Ол Ашур патышасына гаршы гозгалаң турузды ве оңа гуллук этмекден боюн гачырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 18:7
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol döwürde Abymelek patyşa öz harby serkerdesi Pikol bilen bile Ybraýymyň ýanyna baryp, oňa: «Ähli işde Hudaý seniň bilen biledir.


Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi.


Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi.


Ýahuda patyşasy Hizkiýa Lakyş galasyndaky Aşur patyşasynyň ýanyna habar ýollap: «Hata etdim, meniň ýurdumdan git, talap eden zadyňy bereýin» diýdi. Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýadan bäş ýüz on batman kümüş bilen elli batman altyn talap etdi.


Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň?


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Hudaýyň öýüne hyzmat etmekde eden her işinde, kanuny we tabşyryklary saklamakda, Hizkiýa öz Hudaýyny bütin kalby bilen agtardy. Şonuň üçin-de, onuň edenleri rowaçlandy.


Gihon suwlarynyň ýokarky goluny baglap, olary Dawut galasynyň günbatar tarapyna aşaklygyna sowan bu Hizkiýadyr. Hizkiýanyň ähli işleri rowaçlandy.


Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.


Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň?


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Reb ýahudalar bilen biledi. Olar daglykda ýaşaýanlary ýeňip, olary kowup çykardylar, emma düzlükde ýaşaýanlary ýeňip bilmediler, sebäbi olaryň demir söweş arabalary bardy.


Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.


Dawut Şawul özüni nirä iberse gitdi, baran ýerinde-de işi şowuna boldy. Netijede, Şawul ony öz goşunbaşysy edip goýdy. Mundan ähli halk-da, Şawulyň hyzmatkärleri-de hoşal boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ