Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 18:6 - Mukaddes Kitap

6 Çünki Hizkiýa Rebbe wepaly bolup, hiç haçan Onuň yzyna eýermekden ýüz döndermedi we Rebbiň Musa beren tabşyryklaryny berjaý etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Чүнки Хизкия Реббе вепалы болуп, хич хачан Онуң ызына эермекден йүз дөндермеди ве Реббиң Муса берен табшырыкларыны берҗай этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 18:6
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».


Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Ýahuda halky hem öz Hudaýy Rebbiň tabşyryklaryny berjaý etmedi, ol-da ysraýyllaryň adatlaryna eýerdi.


«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.


Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.


Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.


Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin».


Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.


Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Indi, eý, Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Diňe şu günki bolşuňyz ýaly, Hudaýyňyz Rebbe bil baglaň.


Hudaýy söýmek Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir. Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ