Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 18:5 - Mukaddes Kitap

5 Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe bil baglady. Ýahudada öňki-soňky bolan ähli patyşalaryň arasynda onuň ýalysy ýokdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Хизкия Ысрайыл Худайы Реббе бил баглады. Яхудада өңки-соңкы болан әхли патышаларың арасында онуң ялысы ёкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 18:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hizkiýanyň ýanyna baryp, beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär diýiň: «Sen nämä bil baglaýarsyň?


Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle habar iberdi: «Seniň bil baglaýan Hudaýyň: „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, seni aldamasyn.


Rebbe Musanyň kanunyna laýyklykda bütin kalby, bar güýji bilen jan-tenden gulluk eden Ýoşyýa ýaly patyşa ondan öň hem, soň hem bolmady.


Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».


Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».


Ömrüniň ahyrynda Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapat pis işleri eden Ysraýyl patyşasy Ahazýa goşuldy.


Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.


Olar şol ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.


Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.


Eger sen maňa: ‘Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys’ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: ‘Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň’ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme?


«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.


Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ