Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 18:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol seždegähleri ýok etdi, dikme daşlary ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady, çünki ysraýyl halky şol günlere çenli bürünç ýylana ýakymly ysly tütetgi ýakyp gelipdi. Ol bürünç ýylan Nehuştan diýip atlandyryldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ол сеждегәхлери ёк этди, дикме дашлары йыкды ве Ашера бутларыны кесип айырды. Мусаның ясан бүрүнч йыланыны парчалады, чүнки ысрайыл халкы шол гүнлере ченли бүрүнч йылана якымлы ыслы түтетги якып гелипди. Ол бүрүнч йылан Нехуштан дийип атландырылды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 18:4
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Şol ýerde olar Bagalyň buthanasyndaky dikme daşy daşary çykaryp, ony kül-owram etdiler.


Onsoň ýurduň bütin halky Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. Onsoň Ýehoýada ruhany Rebbiň öýüne garawullar goýdy.


Muňa garamazdan, seždegähler ýykylmandy. Halk entek-enteklerem şol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Emma seždegähler aýrylmady. Adamlar entek-enteklerem şol ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardylar.


Muňa garamazdan, ol seždegähleri aýyrmady. Halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp, gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy.


Muňa garamazdan Uzyýa seždegähleri aýyrmady. Bütin halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Ahaz patyşa Uryýa ruhana şeýle tabşyryk berdi: «Ertiriň ýakma gurbanlygyny, agşamyň galla sadakasyny, patyşanyň ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýurduň tutuş ilatynyň ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny, içgi sadakalaryny şu uly gurbanlyk sypasynyň üstünde ber we ýakma gurbanlygynyň hem-de gurbanlyklaryň ganlaryny gurbanlyk sypasyna serp. Emma bürünç gurbanlyk sypasyny meniň maslahat soramagym üçin ulanmaga goýuň».


Eger sen maňa: „Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys“ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň“ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme?


Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Ýoşyýa patyşa dikme daşlary kül-peýekun edip, Aşera butlaryny çapyp, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy.


Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler.


Muňa garamazdan, sen gowy işler hem etdiň. Sen Aşera butlaryny ýurtdan ýok edip, ýüregiňi Hudaýy agtarmaklyga gönükdirdiň» diýdi.


Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin ýahuda, benýamin, efraýym we günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýerlerinde bolan seždegähleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.


Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýykan seždegählerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal buty üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Siz olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny çapyň.


Eger sen maňa: ‘Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys’ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: ‘Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň’ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme?


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


(Şol wagt Rebbiň sözlerini size ýetirmek üçin, Reb bilen siziň araňyzda men durdum, çünki siz otdan gorkup, daga çykmadyňyz)». «Reb şu on tabşyrygy berdi:


Emma siz olar bilen şeýle ediň: olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykyň we beýleki butlaryny hem oda ýakyň.


Şol gijäniň özünde Reb Gidegona: «Sen kakaňyň sürüsinden iki sany öküz getir, olaryň biri ýediýaşar öküz bolsun. Kakaňyň Bagala guran gurbanlyk sypasyny ýyk, onuň ýanyndaky Aşera butuny çap.


Galanyň adamlary irden turanlarynda Bagalyň gurbanlyk sypasynyň ýykylandygyny, onuň ýanyndaky Aşera butunyň çapylandygyny, täze gurlan gurbanlyk sypasynda ikinji öküziň ýakylandygyny gördüler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ