Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 18:12 - Mukaddes Kitap

12 Ysraýyllar Hudaýy Rebbiň sözüne gulak asmandyklary üçin hem-de Onuň ähtinden, Rebbiň guly Musa beren tabşyryklaryndan ýüz öwrendikleri üçin şeýle ýagdaýa düşdüler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ысрайыллар Худайы Реббиң сөзүне гулак асмандыклары үчин хем-де Онуң әхтинден, Реббиң гулы Муса берен табшырыкларындан йүз өврендиклери үчин шейле ягдая дүшдүлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 18:12
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma siz ýa-da siziň ogullaryňyz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.


Eger olar meniň ähli tabşyryklarymy we gulum Musanyň olara tabşyran kanunyny berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi.


Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


«Olaryň Hudaýy nirede?» diýip, goý, milletler aýtmasyn. Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy göz alnymyzda, goý, milletler bilsin.


Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näz-nygmatyny iýersiňiz.


Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm.


Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’.


Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Siz Meniň parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, gaýtam töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä hereket etdiňiz».


Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.


Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.


Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.


Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.


Emma özüňize nätanyş bolan başga hudaýlaryň yzyna eýerip, Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryndan ýüz öwrüp, olara boýun egmeseňiz, onda siz näletlenersiňiz.


Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.


Reb siziň öňüňizden halklary ýok edişi ýaly, sizi hem heläk eder. Çünki siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asmadyňyz.


Rebbiň hyzmatçysy dawalaşmaly däldir, tersine, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyr-takatly bolmalydyr.


Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


Çünki hökümiň Hudaýyň maşgalasyndan başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna tabyn bolmaýanlaryň soňy näme bolar?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ