Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:8 - Mukaddes Kitap

8 Olar öz ýurtlaryndan Rebbiň kowup çykaran milletleriniň adatlaryna we Ysraýyl patyşalarynyň çykaran adatlaryna eýerdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Олар өз юртларындан Реббиң ковуп чыкаран миллетлериниң адатларына ве Ысрайыл патышаларының чыкаран адатларына эердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:8
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».


Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi.)


Ahaz patyşa Aşur patyşasy Tiglatpileseri garşylamak üçin Damaska baranda, Damaskdaky gurbanlyk sypasyny görüp, onuň nusgasyny we teswirini edil bolşy ýaly edip, Uryýa ruhana iberdi.


Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi.


Ýahuda halky hem öz Hudaýy Rebbiň tabşyryklaryny berjaý etmedi, ol-da ysraýyllaryň adatlaryna eýerdi.


Emma olar Rebbiň sözüne gulak asman, özleriniň ozalky adatlaryna eýerdiler.


Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi


Ol çöli öwürýär kak köllerine, gurak topragy – suw gözbaşyna.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Reb şeýle diýýär: «Gögüň alamatlaryndan gorkmaň, olardan diňe milletler gorkýandyr. Milletleriň ýolundan görelde almaň.


Emma Iýerusalim töweregindäki ähli milletlerden we ýurtlardan has beter erbetlik edip, Meniň hökümlerime we parzlaryma garşy baş galdyrdy, Meniň hökümlerimi ret etdi we parzlarymy tutmady».


Zulum gördi Efraýym. Höküm bilen ezildi. Çünki bilip durubam, boş hyýalyň yzyndan gitmek isledi.


Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň.


Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ