Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:7 - Mukaddes Kitap

7 Bu ysraýyl halkynyň özüni Müsür patyşasy faraonyň golastyndan azat edip, Müsürden çykaran Hudaýy Rebbiň garşysyna günä edendigi we başga hudaýlara sežde edendigi üçin şeýle boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Бу ысрайыл халкының өзүни Мүсүр патышасы фараоның голастындан азат эдип, Мүсүрден чыкаран Худайы Реббиң гаршысына гүнә эдендиги ве башга худайлара сежде эдендиги үчин шейле болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:7
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady.


Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady.


Ahaz patyşa bolan mahaly ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawudyň yzyna eýermän, öz Hudaýy Rebbiň nazarynda nädogry işleri etdi.


Reb Ýakubyň nesilleri bilen äht edip, olara şeýle tabşyryk beripdi: «Siz keseki hudaýlara sežde etmäň, olaryň öňünde dyza çöküp, olara gullugam etmäň, gurbanlygam bermäň.


Emma bular ata-babalarynyň Hudaýyndan dänip, Onuň öz öňlerinde derbi-dagyn eden ýurdunyň halkynyň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna etdiler.


Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalime on bir ýyl patyşalyk etdi. Ol Hudaýy Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.


Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler.


Ýa Taňry, goňşularymyzyň Seni ýaňsylan ýaňsylaryny ýedi esse edip olaryň başyndan inder.


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».


Olara öz haramlyklaryna we günälerine laýyk jeza berdim; ýüzümi olardan gizledim».


Efraýym Taňryny berk gazaplandyrdy. Şonuň üçin Taňry dökülen gany onuň başyna getirer. Onuň masgara işini özüne gaýtarar.


Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem dagdan agaçlarynyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.


Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».


Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».


Size Hudaýyňyz Reb Mendigimi, amorlaryň topragynda ýaşasaňyz-da, olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ