Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:34 - Mukaddes Kitap

34 Olar şu güne çenli hem özleriniň ozalky adatlaryna eýerip, Rebbe sežde etmeýärler. Rebbiň Ysraýyl diýip atlandyran Ýakubyň nesillerine beren tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny berjaý etmeýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Олар шу гүне ченли хем өзлериниң озалкы адатларына эерип, Реббе сежде этмейәрлер. Реббиң Ысрайыл дийип атландыран Якубың несиллерине берен табшырыкларыны, кануныны, хөкүмлерини ве парзларыны берҗай этмейәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:34
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adymy näme üçin soraýarsyň?» diýip, şol ýerde Ýakuba pata berdi.


Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy.


Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy.


Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi.


Ýöne häzir sen maňa: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt“ diýýärsiň.


Ylýas Ýakubyň ogullarynyň tireleriniň sanyna görä on iki sany daş aldy, çünki Ýakuba Rebbiň «Seniň adyň Ysraýyl bolar» diýen sözi gelipdi.


Bu dürli milletleriň halklary Samariýada ilki ornaşan wagtlarynda Rebbe ybadat etmediler. Şonuň üçin hem Reb olaryň arasyna ýolbarslar iberdi. Ýolbarslar olaryň birnäçesini öldürdiler.


Şeýdip, olar hem Rebbe, hem aralaryndan sürgün edilen milletleriniň adatlaryna görä öz hudaýlaryna sežde etdiler.


Emma olar Rebbiň sözüne gulak asman, özleriniň ozalky adatlaryna eýerdiler.


Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr, Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.


Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ