Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:32 - Mukaddes Kitap

32 Olar seždegählerde özleri üçin gurbanlyk hödürlär ýaly, öz aralaryndaky dürli milletlerden bolan ruhanylary bellediler, şeýle hem olar Rebbe ybadat etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Олар сеждегәхлерде өзлери үчин гурбанлык хөдүрләр ялы, өз араларындакы дүрли миллетлерден болан руханылары белледилер, шейле хем олар Реббе ыбадат этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:32
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam şeýle hem seždegähler gurup, lewilerden bolmadyk adamlardan ruhanylar belledi.


Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi.


Ol Hudaýyň adamyny jaýlap bolandan soň, ogullaryna şeýle diýdi: «Men ölenimde, meni şu pygamberiň jaýlanan mazarynda jaýlaň, meniň süňklerimi onuň süňkleriniň ýanynda goýuň. Çünki onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasy barada we Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähler barada Rebbiň tabşyrygy boýunça gygyryp jar eden zatlarynyň bary hökman amala aşar».


Bu wakadan soň hem Ýarobgam özüniň pis işlerinden el çekmedi. Ol ýene-de seždegählerde ähli halklaryň arasyndan ruhanylar belledi. Ruhany bolmaga isleg bildirenleriň baryny ruhanylyga belledi.


Bu dürli milletleriň halklary Samariýada ilki ornaşan wagtlarynda Rebbe ybadat etmediler. Şonuň üçin hem Reb olaryň arasyna ýolbarslar iberdi. Ýolbarslar olaryň birnäçesini öldürdiler.


Emma muňa garamazdan, her millet öz hudaýlaryny ýasap, olaryň hersi öz ýaşaýan galalarynda samariýalylaryň diken seždegählerinde goýdy.


Şeýdip, olar hem Rebbe, hem aralaryndan sürgün edilen milletleriniň adatlaryna görä öz hudaýlaryna sežde etdiler.


Şeýdip, bu milletler hem Rebbe, hem oýulyp ýasalan butlaryna sežde etdiler. Ata-babalary näme eden bolsalar, ogullary-da, nesilleri-de tä şu güne çenli şolaryň edenlerini gaýtalap gelýärler.


Mundan başga-da Ýoşyýa Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähleri ýok etdi. Ol ýerleri Ysraýyl patyşalary gurup, Rebbiň gaharyny getiripdiler. Ýoşyýa Samariýadaky seždegähleri-de, edil Beýteldäki gurbanlyk sypasyny edişi ýaly etdi.


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ