Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:31 - Mukaddes Kitap

31 awalylar Nibhaz we Tartag butlaryny ýasadylar. Separwaýymlylar Adrammelek we Anammelek butlary üçin çagalaryny ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 авалылар Нибхаз ве Тартаг бутларыны ясадылар. Сепарвайымлылар Адраммелек ве Анаммелек бутлары үчин чагаларыны якма гурбанлык хөкмүнде хөдүрледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:31
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.


Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samariýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samariýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular.


Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.


Şeýle-de Rehum serkerde, Şimşaý mürze, olaryň ýaranlary: häkimler, wekiller, emeldarlar, parslar, erekliler, babyllylar, Suzadaky eýlamlylar, beýik hem şöhratly Osnaparyň göçürip, Samariýanyň galalarynda we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýerleşdiren milletleri patyşa hat ýazdylar.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Meniň size bu günki buýurýan bu sözlerimiň ählisine gulak goýup, berjaý ediň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda gowy we dogry işler edýärsiňiz.


Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ