Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:3 - Mukaddes Kitap

3 Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ашур патышасы Шалманесер Хошея гаршы хүҗүм этди. Хошея Шалманесере табын болуп, оңа салгыт төледи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Aşur patyşasy Pul Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman kümüş berdi.


Menahym Aşur patyşasyna kümüş bermek üçin Ysraýyldaky baýlaryň baryna jan başyna bir ýüz mysgaldan gowrak kümüş salgyt saldy. Şondan soň Aşur patyşasy ýurtda galman yzyna gaýtdy.


Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Hoşeýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, ýöne ol özünden ozalky Ysraýyl patyşalary ýaly däldi.


Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy.


Hizkiýa gulak asmaň!“ Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer.


Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy.


Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.


Şol gün Ýakubyň şöhraty öçer, semiz göwresi horlanar.


Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».


Ohola Meniňkikä zyna edip, oýnaşlary bolan aşur ýolbaşçylaryna göwün berdi.


Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler.


Boş gepleýärler, ýalan kasam bilen äht edişýärler. Şoňa görä-de «adalatly» işleri zäherli ot ýaly, sürlen meýdanda birden peýda bolýar.


Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa, Men olary toplap ýygnaryn. Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ