Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:18 - Mukaddes Kitap

18 Reb Ysraýyla garşy gahardan ýaňa lowlap, olary ret etdi. Ýahuda tiresinden başga ýekeje adam-da galmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Реб Ысрайыла гаршы гахардан яңа ловлап, олары рет этди. Яхуда тиресинден башга екеҗе адам-да галмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:18
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin».


Maňa ybadat edilmegi üçin, Öz saýlan şäherim Iýerusalimde gulum Dawudyň neslinden biri hemişelik patyşalyk eder ýaly bir tiräni Süleýmanyň ogluna bererin.


Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady.


Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse,


Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.


Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Mirasymdan – ysraýyllardan aman galanlary taşlaryn-da, olary duşmanlarynyň eline bererin. Olar ähli duşmanlaryna talaň we olja bolarlar.


Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýümi-de terk ederin».


Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.


Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.


Ene garnyndaka, Ýakup öz doganynyň ökjesinden tutdy. Ýetişen çagynda Reb bilen göreşdi.


Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.


Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, biwepa perzentlerdir.


onda şuny bilip goýuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb şondan soň ol milletleri siziň öňüňizden kowup çykarmaz. Tersine, olar size duzak we tor bolarlar, tä Hudaýyňyz Rebbiň beren bu gowy ýerinden aýrylyp ýok bolýançaňyz, arkaňyzy gamçylap, gözüňize tiken bolup dürtülerler.


Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň her bir ajaýyp wadasynyň hakykata öwrülişi dek, Özüniň beren oňat ýerinden sizi ýok edýänçä, başyňyzdan bela-beterleri-de inderer.


Danlar sežde edilýän buty oturtdylar. Musanyň agtygy Gerşomyň ogly bolan Ýonatanyň özi we onuň ogullary tä ýurt ýesirlige alynýança danlara ruhanylyk etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ