Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:16 - Mukaddes Kitap

16 Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Олар Худайы Реббиң әхли табшырыкларындан йүз дөндердилер-де, өзлери үчин ики саны гуйма гөле бутуны ве Ашера бутуны ясап, асман җисимлерине сежде этдилер ве Багала гуллук этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:16
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».


Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Ýewfrat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getirdiler.


Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.


Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy.


Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy.


Ol Bagala sežde etdi we edil öz kakasy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.


Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.


Onsoň ýurduň bütin halky Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. Onsoň Ýehoýada ruhany Rebbiň öýüne garawullar goýdy.


Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi.


Olar her bir beýik baýyrda hem-de gür ýaprakly her bir agajyň astynda dikme daşlary we Aşera butlaryny dikdiler.


Çünki Hizkiýa Rebbe wepaly bolup, hiç haçan Onuň yzyna eýermekden ýüz döndermedi we Rebbiň Musa beren tabşyryklaryny berjaý etdi.


Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Adamlar muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler.


Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler».


Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.


Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».


Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Müsürliler bilen hem zynagärligini goýmady. Ol ýaşka müsürliler onuň bilen ýatdylar, gyz göwüslerini gysymladylar we zynalaryny onuň üstüne dökdüler.


Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Hudaýyňyz Rebbe guran gurbanlyk sypaňyzyň ýanynda Aşera buty hökmünde agaç dikmäň.


Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ