Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:14 - Mukaddes Kitap

14 Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Олар Реббе гулак асмадылар ве өз Худайы болан Реббе иман этмедик аталары ялы бойнуёгынлык этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:14
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb olary Özüne tarap öwürmek üçin olaryň arasyna pygamberler iberdi. Pygamberler olaryň garşysyna şaýatlyk etdiler, ýöne olar gulak asmadylar.


Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.


Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.


Rebbiň işlerini, çuňluklardaky ajaýyp işlerini gördüler:


Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme, bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň, çünki juda tapdan düşendiris biz.


Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz?


Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm.


Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.


Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.


Siziň kesirdigiňizi Men bilýändirin. Ýeňse damaryňyz demirdendir, maňlaýyňyz misdendir.


Men ol bu zatlary edenden soň, Maňa tarap öwrüler öýtdüm, emma ol öwrülmedi; muny onuň haýyn uýasy gördi.


„Özlerini gul edip satyp, size alty ýyl gulluk eden ýewreý doganyňyzy ýedinji ýylda azatlyga goýberiň“. Ýöne siziň ata-babalaryňyz Meni diňlemediler, gulak asmadylar.


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler.


Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.


Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.


Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“».


Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!


Reb ýene-de maňa: „Men bu halkyň boýnuýogyndygyny gördüm.


Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ