Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмма Реб шонда-да әхли пыгамберлер ве гөргүрлер аркалы ысрайыл ве яхуда халкларына дуйдурыш берип, шейле дийипди: «Сиз бу пис ёлларыңыздан дөнүң, аталарыңыза табшыран, гулларым пыгамберлер аркалы сизе ёллан кануныма гөрә Мениң табшырыкларымы ве парзларымы берҗай эдиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:13
47 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bagşa garşy Hananynyň ogly Ýehuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Hananynyň ogly Ýehu pygambere Bagşa we onuň nesillerine garşy Rebbiň şu sözi aýan boldy. Çünki Bagşa Ýarobgamyň nesilleri ýaly hereket etdi we Ýarobgamyň nesillerini öldürdi. Şeýdip, ol Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, öz pis işleri bilen Onuň gaharyny getiripdi.


Çünki Hizkiýa Rebbe wepaly bolup, hiç haçan Onuň yzyna eýermekden ýüz döndermedi we Rebbiň Musa beren tabşyryklaryny berjaý etdi.


Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Manaşa nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi.


Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr.


pis işleriňi bes etseň, çadyryňda etmişe orun bermeseň,


Öwüt-ündewini diňledip, pislikden dönmekligi buýurýar.


Hakyky, men günäli dünýä inelim bäri, günäli men enem göwresinde galalym bäri.


Çünki Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden tä şu güne çenli dyngysyz „Sözüme gulak asyň“ diýip, berk duýduryş berip geldim.


Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.


«Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz.


Men ol bu zatlary edenden soň, Maňa tarap öwrüler öýtdüm, emma ol öwrülmedi; muny onuň haýyn uýasy gördi.


„Özlerini gul edip satyp, size alty ýyl gulluk eden ýewreý doganyňyzy ýedinji ýylda azatlyga goýberiň“. Ýöne siziň ata-babalaryňyz Meni diňlemediler, gulak asmadylar.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.


Eý, Ýahudanyň aman galanlary, Reb size: „Müsüre gitmäň“ diýip buýurdy. Bilip goýuň, bu gün muny size duýdurandyryn.


Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?


Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.


Hudaýymyz Rebbiň sözüne gulak asmadyk, Onuň gullary bolan pygamberler arkaly bize beren kanunlary bilen ýöremedik.


Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.


Men pygamberlere gepledim, Men köp aýanlyk gönderdim. Pygamberleriň üsti bilen tymsallar berdim».


Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.


Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».


Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.


Eger siz Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzdan çykaryp, başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara sygynyp gulluk etseňiz, onda bu gün men size açyk duýdurýaryn: siz hökman heläk bolarsyňyz.


Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


Size Hudaýyňyz Reb Mendigimi, amorlaryň topragynda ýaşasaňyz-da, olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» diýdi.


Şol pygamber olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb size: „Müsür gulçulygyndan sizi Men çykardym.


(Öňler Ysraýylda Hudaýdan sorap görmäge gidenlerinde, «Ýör, görgüriň ýanyna gideli» diýer ekenler, çünki häzirki pygambere öňler görgür diýipdirler.)


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ